- çowly
- 1) Ujuna çow berlen, burç çykarylan. Ujy çowly taýak.2) Inçe uçly, ujy ýiti.∙ Onuň çowly sakgaly-da gyzgyltdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)∙ Şahan ol wagt ujy çowly murtundan elini aýyrman, Gözeliň ýüzüne gözüni dikip otyrdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp (u) ýazylýar.Meselem çowly - çowluda, çowlular, çowlusy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.